Caution: JavaScript execution is disabled in your browser or for this website. You may not be able to answer all questions in this survey. Please, verify your browser parameters.

Cepercilik

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Iş berijiler bilen pikir soraşmalary yzygiderli guramak hem-de iş berijileriň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny seljermek boýunça Usulyýet (mundan beýläk – Usulyýet) iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak işini guramak, onuň netijesinde toplanan maglumatlary jemlemek hem-de olary iş berijileriň uçurymlaryň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny ýüze çykarmak üçin analitik usulda seljermek işini geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Bu Usulyýet işlenip taýýarlanylanda «Geljekde zerur boljak başarnyklary öňünden kesgitlemek (skills anticipation) we ornaşdyrmak ulgamynyň işini ýola goýmagyň Usulyýetinden» (Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 10/1990 belgili haty, 07.03.2026ý.) peýdalanyldy.

2. Bu Usulyýet ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň (mundan beýläk – hünär bilimi edaralary) iş berijiler (mundan beýläk – Iş berijiler) bilen özara gatnaşyklarynda bilim maksatnamalaryny, tejribelige gönükdirilen taýýarlyk okuwlaryny kämilleşdirmek hem-de uçurymlaryň işe ýerleşişleriniň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ulanylýar.

3. Bu Usulyýet maslahat beriji häsiýete eýedir, hünär bilimi edaralary öz aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, Usulyýetiň esasynda içki düzgünleşdiriji resminamalaryny taýýarlap bilerler.

 

II bap. Adalgalar we kesgitlemeler

 

4. Iş berijiler bilen pikir soraşmak üçin soragnama (anketa) – işgärlere bolan zerurlyklar, hünärlere/taýýarlyk ugurlaryna bolan talaplar we başarnyklar barada maglumatlary ýygnamagyň bir nusga getirilen görnüşidir.

5. Taýýarlyk ugurlary (hünärler) – ýokary okuw mekdebinde bakalawr, hünärmen we magistr maksatnamalary, orta hünär okuw mekdebinde hünärmen maksatnamasy boýunça okuwlaryň umumy atlandyrylyşy.

6. Başarnyklar – degişli bilim maksatnamalaryny özleşdirmegiň netijesinde alnan bilimleriň, başarnyklaryň, düşünjeleriň we endikleriň jemi, şeýle hem ol ýa-da beýleki hünär bilen bagly bolmadyk umumy häsiýetli başarnyklaryň (soft skills, maýyşgak başarnyklar) toplumy.

7. «Hyrydarlyk-hödürleme» matrisasy – iş berijiler tarapyndan talap edilýän başarnyklar bilen uçurymlaryň özleşdiren başarnyklarynyň hakyky derejesini deňeşdirýän tablisa.

 

 

 

III bap. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir

soraşmak işini guramagyň maksady we wezipeleri

 

8. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak işini guramagyň maksady, iş berijiler bilen durnukly aragatnaşygy saklamagy üpjün etmekden, olaryň işgärlere bolan zerurlyklary hem-de olaryň başarnyklaryna (ukyplaryna) bildirýän talaplary baradaky maglumatlary döwürleýin almakdan, ylym-bilimiň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmekden, şeýle hem geljekde taýýarlygyň ugurlaryna boljak islegi seljermekden ybaratdyr.

9. Öňde goýlan maksada ýetmek üçin ýerine ýetirilmeli wezipeler:

  • soragnama (anketa) arkaly iş berijilerden maglumatlaryň yzygiderli toplanmagyny we jemlenmegini guramak;
  • hyzmatdaşlyk saklanylýan iş berijileriň reýestrini (sanawyny) döretmek;
  • geçirilýän pikir soraşmalaryň netijeleri boýunça iş berijileriň uçurymlaryň başarnyklaryna bildirýän talaplaryny seljermek, şeýle hem pikir soraşmalaryň netijelerinden ugur alyp, geljekde ýüze çykjak hünärleri/taýýarlygyň ugurlaryny çaklamak;
  • pikir soraşmalaryň netijelerine esaslanyp, bilim maksatnamalaryny, modullary, tejribelikleri, gözegçiligiň görnüşlerini, özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň görnüşlerini kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak.
  • pikir soraşmalaryň netijelerini jemläp, maglumatlar binýadyny döretmek we kämilleşdirmek;
  • pikir soraşmalaryň netijeleri boýunça seljeriş hasabatlaryny taýýarlamak;
  • bilim maksatnamalaryna, okuw we tejribelik meýilnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça esaslandyrylan teklipleri taýýarlamak.

 

IV. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak

işine gatnaşyjy taraplar we jogapkärçilik

 

10. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak işiniň utgaşdyryjysy hökmünde hünär bilimi edaralarynyň okuw bölümleri çykyş edýär. Okuw bölümi bu işi ýokary okuw mekdebinde hünär kafedralarynyň üsti bilen, orta hünär okuw mekdebinde bolsa usuly birleşmeler bilen bilelikde amala aşyrýar. Olar şu aşakdakylara borçlanýarlar:

  • iş berijileriň sanawyny ýöretmäge;
  • soragnamalaryň paýlanylmagyna, pikir soraşmalary geçirmegiň möhletlerine gözegçilik etmäge hem-de maglumatlaryň ýygnalmagyna we jemlenmegine;
  • soragnamalaryň dogrulygyny we dolulygyny barlamaga;
  • bellenilen tertibe laýyklykda, Usulyýetiň (şol sanda, gizlinlik) düzgünleriniň berjaý edilmegine;
  • hasabatlary taýýarlamaga, olaryň netijeleri yglan edilende we çap edilende maglumatlaryň arhiwirlenmegine;
  • bilim maksatnamalaryny we tejribelikleri kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamaga.

11. Iş beriji şu aşakdakylary üpjün edýär:

  • soragnamanyň bellenen möhletlerde doldurylmagyny;
  • jogapkär wekiliň bellenmegini we maglumatlaryň dogrulygynyň tassyklanmagyny.

12. Hünär bilimi edaralary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, iş üpjünçilik gulluklarynyň iş berijiler, boş iş orunlary, iş gözleýänler baradaky resmi maglumatlaryny, hususy tertipde iş alyp barýan işgärler agentlikleriniň maglumatlaryny seljeriş işlerini geçirenlerinde goşmaça peýdalanýarlar.

 

V. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir soraşmak

işini guramagyň usulyýeti

 

13. Iş berijileriň sanawyny (reýestrini) döretmek we alyp barmak.

13.1. Reýestr aşakdakylaryň esasynda emele gelýär:

  • hünär bilimi edaralarynda hereket edýän şertnamalaryň we ylalaşyklaryň;
  • tejribeligiň ähli görnüşleriniň;
  • uçurymlaryň işe ýerleşişleri baradaky maglumatlaryň;
  • eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ykdysady subýektleriň;
  • bölümleriň, kafedralaryň we usuly birleşmeleriň teklipleriniň;
  • Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, iş üpjünçilik gulluklarynyň iş berijiler, boş iş orunlary, iş gözleýänler baradaky resmi maglumatlaryny, hususy tertipde iş alyp barýan işgärler agentlikleriniň maglumatlarynyň.

13.2. Sanaw şulary öz içine almaly: edara-kärhanalaryň doly atlandyrylyşy, pudaklaýyn degişliligi, welaýaty (sebiti), aragatnaşyk üçin jogapkäriň familiýasy, ady we atasynyň ady, wezipesi, telefon belgisi, elektron poçta salgysy we soragnamalaryň geçirilen döwürleri.

14. Pikir soraşmalary geçirmegiň usullary we soragnamanyň görnüşine bildirilýän talaplar:

– soragnama resmi hat ýa-da ygtyýarly ýolbaşçy tarapyndan tassyklanan onlaýn-görnüş arkaly elektron resminama görnüşinde geçirilýär;

– maglumatlary deňeşdirmek üçin soragnamada hökmany meýdançalar we salgylanmalar (başarnyklar, taýýarlygyň ugurlary, pudaklar) bolmaly.

Soragnamanyň düzümi 1-nji goşundyda görkezilýär.

15. Pikir soraşmalary geçirmegiň döwürleýin we aýlaw senenamasy.

Teklip edilýän döwürleýin:

  • esasy aýlaw – ýylda 2 gezek (zerurlygyna görä);
  • soragnamany täzelemek – çärýekleýin (üýtgeşmeleri hasaba almak üçin gysgaldylan soragnama görnüşi).

Soragnamany geçirmegiň senenamasy 4-nji goşundyda berilýär.

16. Soragnama boýunça iş geçirmegiň tertibi:

16.1. Utgaşdyryjy bu çäräniň başlanmazyndan öň 10 iş gününden gijä galman, iş berijileriň sanawyny we soragnamanyň jemlenmeli senesini kesgitleýär.

16.2. Pikir soraşmalary geçirmegiň tapgyrlary:

  1. soragnamalary poçta arkaly ibermek (1-2 iş güni): resmi hat we elektron salgylar arkaly / görnüş;
  2. ýatlatma (5-7 iş güni): jogap bermedik iş berijilere gaýtadan ibermek we/ýa-da jaňlaşmak / baryp gaýtmak arkaly habarlaşmak;
  3. gelip gowşan soragnamalaryň jemlenilmegi (10–15 iş güni): jemleýji toplumy hasaba almak;
  4. deslapky barlag (5 iş gününe çenli): soragnamalaryň talabalaýyk doldurylandygyny gözden geçirmek;
  5. aýdyňlaşdyrmak (zerur bolsa): goşmaça düşünişmegi talap edýän soraglary anyklaşmak;
  6. tamamlamak: netijeleriň nähili hasaba alynjakdygy baradaky hödürlemeler.

Iş berijä ýollanyljak hatyň nusgasy 3-nji goşundyda berilýär.

17. Maglumatlaryň ýaşyrynlygy we goralyp saklanyşy:

17.1. Maglumatlaryň ýaşyrynlygyna we goralyp saklanylmagyna hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen bellenen jogapkär (adatça, okuw bölümleriniň ýolbaşçylary ýa-da hünärmenleriniň biri) umumy gözegçiligi amala aşyrýar.

17.2. Zerurlyga görä, maglumatlar binýadyna elýeterlilik hünär bilimi edarasynyň başga bir hünärmenine hünär bilimi edarasynyň ýolbaşçysynyň rugsady esasynda berlip bilner.

17.3. Soragnamalaryň saklanyş möhleti – 5 ýyl (soň arhiwlenmeli).

 

VI bap. Taýýarlygyň we başarnyklaryň isleg

bildirilýän ugurlaryny seljermegiň usulyýeti

 

18. Seljerme geçirmek üçin giriş maglumatlary:

18.1. Iş berijiniň pikir soraşmalaryň esasynda dolduran soragnama maglumatlary.

18.2. Uçurymlaryň başarnyklary baradaky maglumatlar:

  • jemleýji döwlet synagynyň netijeleri;
  • taslama işleriniň netijeleri, uçurymlaryň amaly endiklerini we hünär tejribesini görkezýän işleriniň toplumy (portfolio);
  • uçurymlar üçin soragnama (eger-de bar bolsa) we tejribelikleriň netijeleri boýunça iş berijileriň uçurymlara beren bahalary.

18.3. Bilim maksatnamalaryna degişli resminamalar: bilim standartlary, okuw meýilnamalary, kär häsiýetnamalary.

19. Deňeşdirme modeli: «Hyrydarlyk-hödürleme» matrisasy.

19.1. Matrisa hünär bilimi edaralarynyň okuw bölümleri tarapyndan aşakdaky görnüşde döredilýär:

Uçurymyň başarnyklary → Başarnyklaryň zerurlygy (iş berijiler üçin) → Başarnyklaryň agzalmagynyň ýygylygy → uçurymlaryň derejesi → aratapawut (GAP).

19.2. Matrisanyň görnüşi 2-nji goşundyda berilýär.

20. Görkezijileri hasaplamak

20.1. Başarnyklar boýunça hyrydarlyk indeksi (DI – «Demand Index») başarnyklaryň zerurlygy bilen başarnyklaryň agzalmagynyň ýygylygynyň funksiýasy hökmünde hasaplanýar (meselem, ortaça zerurlyk (1-5 bal) x pikir soraşmalardaky soragnamalarda köp agzalýan anyk başarnygyň paýy (%hasabynda)).

20.2. Hödürleme indeksi («Supply Index», SI) uçurymlar baradaky maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär (meselem, özleşdirişiň ortaça derejesi (1-5 bal) x öz başarnyklaryny tassyklaýan uçurymlaryň paýy (% hasabynda)).

20.3. Aratapawut GAP = DI − SI. Položitel aratapawut ýetmezçilik hökmünde düşündirilýär.

21. Alnan seljerme maglumatlary.

Her bir esasy aýlawyň netijelerine esaslanyp, hünär bilimi edaralarynyň okuw bölümleri tarapyndan şu aşakdakylar düzülýär:

  • iş berijileriň talabyna laýyklykda başarnyklaryň reýtingi (Top-10, Top-20);
  • geljekde ösdürilmeli başarnyklaryň sanawy (GAP+);
  • zerurlyk boýunça geljekde ýüze çykjak taýýarlyk ugurlarynyň (hünärleriň) reýtingi;
  • bilim maksatnamasyny kämilleşdirmek boýunça teklipler: modullar, amaly okuwlar, gurallar, programma üpjünçilikleri we gözegçiligiň görnüşleri;
  • hyzmatdaşlygyň görnüşleri boýunça teklipler (amaly okuwlar, tejribelikler, bilelikdäki taslamalar, ussatlyk sapaklary, daşyndan çagyrylan hünärmenleriň umumy okuwlary).

22. Pikir soraşmalaryň netijeleriniň talaplara laýyklygynyň bilermenler tarapyndan tassyklanylmagy.

22.1. Seljermäniň netijeleri esasy iş berijileriň we hünär bilimi edaralaryndan jogapkär wekilleriň gatnaşmagynda bilermenleriň maslahatynda (tegelek stollarda, iş toparynyň duşuşygynda we uzak aralykdan onlaýn maslahatlarda) ara alnyp maslahatlaşylýar.

22.2. Seljermäniň netijelerine esaslanyp, hünärleriň bilim standartlaryna, okuw meýilnamalaryna, kär häsiýetnamalaryna, okuw maksatnamalaryna we beýlekilere girizilmegi zerur bolan üýtgeşmeleriň we çäreleriň sanawy (şol sanda möhletler we jogapkärler) kesgitlenilýär.

23. Netijeleriň ornaşdyrylmagy.

23.1. Seljermäniň netijeleri aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:

  • başarnyklaryň ulgamlaşdyrylan sanawyny (kär häsiýetnamalaryny) we okuw meýilnamalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek;
  • dersler boýunça iş okuw maksatnamalaryny we tejribeligiň meýilnamalaryny kämilleşdirmek;
  • ýyllyk, diplom, taslama we ylmy işleriň temalaryny döwrebaplaşdyrmak;
  • tejribeligiň we iş berijiler bilen özara aragatnaşygyň döwrebap meýilnamalaryny işläp taýýarlamak.

23.2. Netijeleriň ornaşdyrylmagyna hünär bilimi edaralarynyň ýolbaşçylary gözegçiligi amala aşyrýar.

 

VII. HASABATLYLYK

 

24. Iş berijiler bilen yzygiderli pikir alyşmalary guramak işiniň netijeleri boýunça hasabat taýýarlanylýar we ol aşakdakylary öz içine alýar:

  • iş berijileriň, pudaklaryň, welaýatlaryň (sebitleriň) sany;
  • hasaplama usuly we esasy görkezijiler;
  • başarnyklaryň we ugurlaryň reýtingleri;
  • «hyrydarlyk-hödürleme» matrisasy;
  • teklipler we bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy.

25. Pikir soraşmalaryň netijeleri boýunça soragnamalary kabul etmegiň möhleti tamamlanandan soň, 20 iş gününden gijä galman, hünär bilimi edaralarynyň okuw bölümleri tarapyndan umumy hasabat taýýarlanylýar.

 

VIII. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

26. Şu Usulyýetde bellenilen işleriň talabalaýyk ýola goýulmagyna we amala aşyrylmagyna hünär bilimi edaralarynyň utgaşdyryjylary we her bir iş beriji tarapyndan kesgitlenen wekil jogapkärçilik çekýärler.

27. Taraplaryň arasynda ýüze çykýan ähli jedelli meseleler gepleşikleriň esasynda ylalaşylýar.

Işgärlere bolan zerurlyklary öwrenmek, isleg bildirilýän taýýarlygyň ugurlaryny kesgitlemek we uçurymlaryň başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça iş beriji üçin düzülen Soragnama

 

Maksat: isleg bildirilýän taýýarlygyň ugurlaryny we uçurymlaryň başarnyklaryny seljermek üçin maglumatlary ýygnamak.

Bellik: maglumatlar umumylaşdyrylan görnüşde ulanylýar we ýaşyrynlyk syýasaty üpjün edilýär.

There are 44 questions in this survey.